Redmi Turbo 5 9000 mA·s kuwwatly batareýa we ýokary derejede suwdan gorag ulgamyna eýe bolar

  • 20.10.2025 10:40
  • 3.8k+

Redmi Turbo 5 smartfony 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda tanyşdyrylar diýlip garaşylýar. Bu barada Hytaýyň radio enjamlaryny sertifikasiýalaşdyyrş platformasynyň maglumatlaryna we Digital Chat Station atly insaýderiň paýlaşan maglumatlaryna görä aýdylýar.

Halkara bazaryna çykanda bu modeliň Poco X8 Pro ady bilen çykmagy mümkin.
Täze enjam tekiz, burçlary biraz egreldilen OLED displeý we 1,5K durulyk bilen geler. Barmak yzy skaneri indi displeýiň içine ornaşdyrylan ultrasesli görnüşde bolar — bu öňki Redmi Turbo 4 modelindäki optiki skaner bilen deňeşdirilende ep-esli ösüşdir.
Modeliň esasy aýratynlygy — 9000 mA·s göwrümli batareýa we 100 watt tiz zarýad goldawy bolar. Dizaýn öňki minimalistik stili saklar, korpus bolsa IP68/69 derejesindäki suwdan doly gorag bilen üpjün ediler.
Smartfonyň Dimensity 8500 Ultra prosessor ulgamynyň esasynda işlemegi garaşylýar. Bu ulgam Reno 15 Pro bilen bilelikde noýabr aýynda ilkinji gezek görkeziler.
Digital Chat Station mundan öň Redmi K50 we Xiaomi 12 modelleriniň aýratynlyklaryny we çykarylyş senelerini öňünden dogry çaklapdy.


19.12.2025 15:11
5.2k+

Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň global wersiýasy 500 ýewro durýar, sargytlar gijräk açylar

Ozal Hytaýda hödürlenen Redmi Note 15 Pro+ resmi taýdan halkara bazaryna çykdy. Ýöne satuw göni başlamaz: Ýewropada deslapky sargytlar 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda kabul edilip başlanar. Smartfonyň 8 GB operatiw we 256 GB hemişelik ýatly wersiýasynyň bahasy 500 ýewro, 12/512 GB bolsa 550 ýewro barabar...

17.12.2025 11:06
3.9k+

Xiaomi 2026-njy ýylda onlarça meşhur smartfon modelini goldamagy bes eder

Xiaomi kompaniýasy 2022–2023-nji ýyllarda çykarylan köp sanly meşhur smartfon modelleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini bermegi bes etmegi meýilleşdirýär. Olaryň goldawy 2026-njy ýylda doly tamamlanar. End of Life (EOL), ýagny hyzmat möwritiniň tamamlanmagy statusy, hususan-da, aşakdaky enjamlara berler: Xiaomi: Xiaomi 12, 12 Pro, 12X, 12 Lite, Xiaomi 12T we 12T Pro...

16.12.2025 09:38
3.9k+

Xiaomi uly tanyşdyryş taýýarlaýar: Xiaomi 17 Ultra, Redmi Turbo 5 we beýleki enjamlar görkeziler

26-njy dekabrda Xiaomi kompaniýasy “Xiaomi 17 Ultra” flagman smartfonyny we başga-da birnäçe täze önümleri görkezmek üçin uly tanyşdyryş çäresini geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada insaýder Digital Chat Station habar berdi...

26.10.2025 18:24
4.4k+

Sabwufer we 5 esse teleskop bilen Redmi K90 Pro Max hödürlendi

Xiaomi kompaniýasy Redmi K90 Pro Max smartfonyny – seriýada iň ösen modeli hödürledi. Smartfon Snapdragon 8 Extreme Edition Gen 5 platformasynda guruldy we Redmi hatarynda 5 esse optiki zum bilen periskopik teleobýektiwe eýe bolan ilkinji smartfon boldy...