Türkmen talyplary Himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadasynda 5 altyn medal aldylar

  • 19.10.2025 17:03
  • 3.2k+

Türkmenistanly talyplar 15 — 17-nji oktýabr aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça geçirilen IV halkara olimpiadada bäş altyn medal gazandylar. Olimpiadanyň netijeleri Magtymguly Türkmen döwlet uniwersitetiniň maglumatlar portalynda çap edildi.

Olimpiada şahsy görnüşde A hem-de B derejeler boýunça geçirilip, A derejede himiýa hünäri boýunça okap bilim alýan talyplar, B derejede hem beýleki hünärlerde okaýan ýaşlar özara bäsleşdiler. Meseleler ýokary okuw mekdep maksatnamasyna laýyklykda organiki himiýa, fiziki himiýa, organiki däl himiýa, analitiki himiýa boýunça taýýarlanyldy. A dereje ýazmaça görnüşinde, B dereje test görnüşinde geçirildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden Ýakup Annaorazow we Şatlyk Batyrow A derejede altyn medal gazandylar. Bu derejede jemi 14 altyn medal gowşuryldy, olaryň 11-si russiýaly talyplara, biri Belarusyň wekiline berildi.
B derejede türkmen topary üç altyn medal gazandy. Bu derejede Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinden Yhlas Jumaýew, Magtymguly Türkmen döwlet uniwersitetinden Arslan Jumaýew we Selbi Paşikowa ýeňiji boldy. Şeýle hem Özbegistandan (dört altyn medal), Russiýadan we Hytaýdan (hersi iki altyn medal) gelen talyplar üstünlikli çykyş etdiler.
Şeýlelikde, A derejede baýrakly orunlaryň 63-si kesgitlenip, şolardan ýeňijileriň 14-si birinji, 17-si ikinji, 32-si bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Şeýle hem B dereje boýunça baýrakly orunlaryň 57-si kesgitlenip, onda ýaşlaryň 12-si birinji, 17-si ikinji hem-de 28-si bolsa üçünji orny eýelediler.
Olimpiada Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Angliýanyň, Eýranyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinden 100-den gowrak talyp, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 23-sinden 150-den gowrak talyp gatnaşdy.


02.06.2026 20:35
3.5k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......