Tim Kuk baryp gaýdandan soň Hytaýda iPhone Air birnäçe minutda satyldy

  • 19.10.2025 16:54
  • 7.9k+

Hytaýda iPhone Air smartfonlarynyň ilkinji toplumy deslapky satuw başlandan soň bary-ýogy birnäçe minutda satyldy. Diňe eSIM-i (smartfonyň içinde oturdylan we fiziki plastik kartyň ornuny tutýan sanly SIM karty) goldaýan smartfona, Android modelleri bilen güýçli bäsdeşlige garamazdan, alyjylar tarapyndan isleg ýokary bolup çykdy.

Bilermenler gyzyklanmanyň artmagyny Apple-iň baş direktory Tim Kukuň Hytaýa sapary bilen baglanyşdyrýar. Dünýäniň iň uly smartfon bazarynda iPhone Air-i onuň hut özi hödürledi. Şeýle-de, ol ýurduň wise-premýeri He Lifen we söwda ministri Wan Wentao bilen duşuşdy. Duşuşyklarda söwda-ykdysady gatnaşyklar we Hytaýda kompaniýanyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Satuw ýerli wagt bilen irden sagat 9-da – beýleki ýurtlaryň köpüsinden bir aý giç başlady. Bary-ýogy birnäçe minutyň içinde smartfon Pekindäki, Şanhaýdaky, Týanszindäki we beýleki uly şäherlerdäki oflaýn-dükanlardan ýok boldy. Onlaýn üpjünçiligiň iki hepdä çenli gijikdirme bilen bolmagyna garaşylýar. Hytaýda iPhone Air-iň bahasy 7 999 ýuandan (takmynan, 1 122 dollar) başlaýar.
Saparynyň dowamynda Kuk Apple-iň Pekindäki “Ançžen” hassahanasy bilen kardiologiýa taslamalary boýunça hyzmatdaşlygyny yglan etdi – amerikan kompaniýasy Hytaýda Apple Watch eýeleriniň sagady ýürek kesellerine gözegçilik etmek üçin ulanmagyny gazanmak isleýär. Şeýle-de, Kuk “daşky gurşawyň goragy ugrunda liderleriň täze neslini taýýarlamakda” kömek etmek üçin Sinhua uniwersitetine haýyr-yhsan bermek barada aýtdy. 


11.06.2026 14:01
8.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.9k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......