Ženewadaky auksionda XIX asyryň iň baý maşgalalarynyň biriniň gymmat şaý-sepleri satylar

  • 19.10.2025 16:36
  • 6k+

10-njy noýabrda Ženewada Phillips “The Geneva Jewels Auction: V” auksiony geçiriler. Bu ýerde seýrek şaý-sepler, şol sanda XIX asyryň iň baý maşgalalarynyň birine – Wanderbiltlere degişli bolan bezeg önümleri hödürlener. Hünärmenleriň hasaplamalary boýunça, olaryň umumy bahasy birnäçe million dollara ýetip biler.

Wanderbilt maşgalasynyň kolleksiýasy auksionyň esasy bölegini eýelär. Onuň bezeg şaý-sepleriniň arasynda 1 – 1,5 mln dollar bilen bahalandyrylan 42,68 karat agramly Kaşmir ýakutly Tiffany & Co gülýakasy we 1908-nji ýylda Gledis Wanderbiltiň toýy üçin döredilen Cartier göwher gülýakasy bar.
Wanderbiltleriň gymmat bahaly zatlaryndan başga-da, auksiona Van Cleef & Arpels, Bvlgari we Tiffany & Co kompaniýalarynyň önümleri çykarylar. Ýöne söwdanyň merkezi harydy 9 mln dollar bilen bahalandyrylýan 6,95 karat agramly benewşe-gülgüne göwher bolar.
Auksion Ženewadaky President Wilson otelinde geçiriler. Satuwa çykarylan harytlaryň suratlaryny şu salgy boýunça görüp bolýar.
Wanderbilt maşgalasy öz kuwwatynyň iň ýokary derejesinde Amerikanyň iň baý maşgalalarynyň biri we “gyzyl çaýylan asyryň” nyşany bolupdyr. Nesilşalygyň düýbüni tutujy Kornelius “Kommodor” Wanderbilt XIX asyrda gämi gatnawynda, soňra bolsa demirýol gatnawlarynda uly baýlyk toplaýar. Ýöne Wanderbiltleriň soňky nesilleri özüniň gözçykgynç harçlamalary bilen at alypdyr. Üznüksiz çykdajylar we täze maýa goýumlaryň bolmazlygy sebäpli kapitalyň esasy bölegi derrew sowlupdyr. Netijede, bary-ýogy dört nesilden soň ummasyz baýlyk ýok bolýar we 1970-nji ýyllara çenli Wanderbiltleriň nebereleriniň arasynda millioner galmaýar.  

 


13.06.2026 12:25
3.8k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

02.06.2026 20:32
7.7k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

30.05.2026 11:30
4.7k+

Tirannozawryň skeleti Sotheby’s auksionynda 30 mln dollara satuwa çykarylar

Sotheby’s auksion öýi häzire çenli tapylan iň uly we doly derejeli tirannozawr skeletleriniň birini satuwa çykarar. Gas atly bu tapyndynyň bahasy 20–30 million dollar aralygynda bahalandyrylýar. Bu barada......

24.05.2026 16:26
6k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....