Redmi elýeterli K90 Pro Max flagmanynyň dizaýnyny görkezdi: ol jins stiline eýe boldy

  • 18.10.2025 06:55
  • 5.6k+

Redmi kompaniýasy 27-nji oktýabrda Hytaýda Redmi K90 hataryny, şol sanda täze K90 Pro Max flagmanyny hödürlejekdigini tassyklady. Şol çärede adaty wersiýa K90-nyň hem görkezilmegine garaşylýar.

Resmi suratlarda ultra-inçe çarçuwaly we yzky panelde uly gönüburç şekilli kamera moduly bolan K90 Pro Max-yň ak wersiýasy görkezildi. Kameradan sagda Sound by Bose ýazgyly dinamik ýerleşýär. Kompaniýa bu modelde sese aýratyn üns beren bolmaly.
Şeýle-de, üýtgeşik jins wersiýasy görkezildi. Onda yzky panel üçünji nesil nano-derisi bilen örtüldi. Korpus ultrabenewşä çydamly bolup, wagtyň geçmegi bilen saralmaýar we hapadan aňsatlyk bilen arassalanýar.
K90 Pro Max-yň bir kristally Snapdragon 8 Elite Gen 5 ulgamyna esaslanmagyna, adaty wersiýanyň bolsa Snapdragon 8 Elite prosessoryna eýe bolmagyna garaşylýar. Smartfonlaryň ikisi-de HyperOS 3 bilen Android 16-nyň dolandyrmagynda işlär. 2K durulykly OLED displeýiniň diagonaly 6,59 dýuým bolar. 7500 mA/sag sygymly akkumulýator 100 Wt çalt simli we 50 Wt simsiz zarýad alşy goldar. Pro Max periskopik teleobýektiwe eýe bolar.
K90 Pro Max flagmany Redmi-niň taryhynda ilkinji Pro Max modeli bolar. Xiaomi-niň prezidenti Lu Weýbingiň aýtmagyna görä, smartfon öz baha segmentinde iň kuwwatlysy bolar.
Halkara bazarlaryna smartfonlaryň Poco brendi bilen çykmagy mümkin: K90 Poco F8 Pro, K90 Pro Max bolsa Poco F8 Ultra bolar. Gürrüňlere görä, täze smartfonlaryň bahasy, takmynan, 560 dollardan başlaýar. 


18.01.2026 10:31
5.9k+

Redmi Note 15 Pro+ synaglara döz gelip, köp flagmanlardan berkdigini görkezdi

JerryRigEverything YouTube kanalynyň awtory, bloger Zak Nelson Xiaomi Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň berkligini barlamak üçin, ony ýowuz synaglardan geçirdi. Smartfonyň korpusynyň daşky elementleri plastikden, ýöne düwmeler metaldan ýasaldy...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...

19.12.2025 15:11
5.4k+

Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň global wersiýasy 500 ýewro durýar, sargytlar gijräk açylar

Ozal Hytaýda hödürlenen Redmi Note 15 Pro+ resmi taýdan halkara bazaryna çykdy. Ýöne satuw göni başlamaz: Ýewropada deslapky sargytlar 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda kabul edilip başlanar. Smartfonyň 8 GB operatiw we 256 GB hemişelik ýatly wersiýasynyň bahasy 500 ýewro, 12/512 GB bolsa 550 ýewro barabar...

17.12.2025 11:06
4k+

Xiaomi 2026-njy ýylda onlarça meşhur smartfon modelini goldamagy bes eder

Xiaomi kompaniýasy 2022–2023-nji ýyllarda çykarylan köp sanly meşhur smartfon modelleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini bermegi bes etmegi meýilleşdirýär. Olaryň goldawy 2026-njy ýylda doly tamamlanar. End of Life (EOL), ýagny hyzmat möwritiniň tamamlanmagy statusy, hususan-da, aşakdaky enjamlara berler: Xiaomi: Xiaomi 12, 12 Pro, 12X, 12 Lite, Xiaomi 12T we 12T Pro...