Naomi Uotts Golliwuddaky Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy

  • 17.10.2025 00:10
  • 6k+

“Malholland-draýw” (Малхолланд-драйв) we “Mümkin däl” (Невозможное) filmleri bilen tanalýan britaniýaly aktrisa Naomi Uotts Golliwuddaky Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy. Bu barada USA Today habar berýär.

Dabarada oňa adamsy, aktýor Billi Krudop, dogany, tanymal fotosuratçy Ben Uotts, şeýle-de kärdeşleri Jek Blek we Edward Norton goldaw berdi. Şeýle-de, çärä Raýan Mýorfi, Sara Polson, Nisi Neş we Kaýl Maklahlen gatnaşdy. Kinematografçylar aktrisany bu üstünligi bilen gutlady.
Uotts minnetdarlyk bildirip, öz durmuşyna täsir eden üç adamy: ejesini, režissýor Dewid Linçi we teleprodýuser Raýan Mýorfini aýratyn belläp geçdi.
Aktrisa ejesiniň özünde hyýallaryny ösdürip, teatra alyp gidendigini, Linçiň bolsa kasting-müdiri Joanna Reý bilen bilelikde oňa bu kärden gitmezlige ynandyrandygyny gürrüň berdi. Mundan başga-da, Uotts öz agentlerine, menejerlere we toparyň beýleki agzalaryna, şeýle-de “iki ajaýyp rol” (“21 gram” we “Býordmen”) üçin režissýor Alehandro Inýarritu minnetdarlyk bildirdi.
Aktrisa “21 gram” we “Mümkin däl” filmlerindäki keşpleri üçin iki gezek “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezildi. Onuň belli keşpleriniň arasynda “Jaň”, “King Kong”, “Bezelen wual”, “Gyzykly oýunlar”, “Sen syrly nätanyşa duşarsyň” we “Çetleşmek” bar. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....