Ýewropa Bileleşigi Gucci, Chloé we Loewe brendlerine 157 mln ýewro jerime saldy

  • 17.10.2025 00:05
  • 2.9k+

Ýewrokomissiýa bäsdeşlige garşy nyrh emele getiriş tejribesi üçin Gucci, Chloé we Loewe brendlerine umumylykda 157 mln ýewro jerime saldy. Bu barada ÝK-nyň beýanynda aýdylýar.

Derňew bu brendleriň garaşsyz satyjylara harytlar üçin öz bahalaryny goýmaga mümkinçilik bermändigini görkezdi. Ýewrokomissiýa şeýle hereketleriň bahalary ýokarlandyryp, alyjylar üçin saýlamak mümkinçiligini azaldandygyny belleýär.
Hususan-da, kompaniýalar satyjylaryň söwda strategiýalaryna goşulyp, maslahat berlen bölek satuw bahalaryndan gyşarmaga, ýokary arzanladyşlara we belli satuw döwürlerine çäklendirme girizipdir. Bu hem dükanlary nyrh emele gelşinde özbaşdaklykdan mahrum edip, olaryň arasyndaky bäsdeşligi azaltdy. ÝK-nyň belleýşi ýaly, brendleriň esasy maksady satyjylar tarapdan bolup biljek bäsdeşlikden öz satuwyny goramakdy.
Düzgün bozma tutuş Ýewropa ykdysady zolagyna täsir etdi. Şeýle tejribeler Ýewrokomissiýanyň duýdansyz barlagy başlandan soň, 2023-nji ýylyň aprelinde bes edildi. Brendler biri-birinden garaşsyz hereket etdi.
Iň uly jerime Gucci brendine salyndy – 119,7 mln ýewro. Chloé üçin jerime 19,7 mln ýewro, Loewe üçin 18 mln ýewro boldy. Üç ýagdaýda-da jerime mukdary kompaniýalaryň Ýewrokomissiýa bilen hyzmatdaşlyk etmegi sebäpli azaldyldy. 


12.03.2024 13:27
13k+

Niderlandlaryň Eýndhowen şäherinde guralan sergide ýewropa modelleri türkmen lybaslarynyň moda görkezilişini geçirdiler

10-njy martda Niderlandlaryň Eýndhowen şäherinde dünýäniň medeni dürlüligini görkezýän çäre - Halkara zenanlar gününe bagyşlanan sergi guraldy. Medeniýetiň we sungatyň bu festiwaly dürli ýurtlaryň sergi diwarlyklaryny...

01.06.2026 17:04
2.4k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....