Apple 3499 dollar bahadan täzelenen Vision Pro AR garniturasyny hödürledi

  • 16.10.2025 19:06
  • 1.9k+

Apple kompaniýasy täzelenen Vision Pro üsti ýetirilen hakykat (AR) garniturasyny hödürledi. Gurluş täze, kuwwatly M5 çibine, kämilleşdirilen micro-OLED displeýlerine we has rahat Dual Knit Band berkitmesine eýe boldy.

Kompaniýa M5 prosessorynyň öňki model bilen deňeşdirilende öndürijiligi ep-esli ýokarlandyrandygyna ynandyrýar. Şonuň netijesinde Vision Pro indi 10% köp pikselli we 120 Gs täzelenme ýygylygy bolan ekranlar bilen enjamlaşdyryldy. Apple munuň has aýdyň suraty, şekilleriň akgynly hereketini üpjün edýändigini we bulaşyklygy peseldýändigini belleýär.

M5 çibinde emeli aň funksiýalarynyň işini 50%-e çenli çaltlaşdyrýan 16 ýadroly Neural Engine oturdyldy. Bu surat we wideo işlemäge, şeýle-de öndürijiligi iki esse ýokarlanan başga programmalara-da degişlidir.

Täze Dual Knit Band kemeri garniturany ulanmagy has rahat edýär. Garnituranyň ýokarky we aşaky kemerleri 3D-örüm usuly bilen taýýarlanyp, biri-biri bilen baglanyşdyryldy. Bu hem goşa gapyrga gurluşyny döredip, ýumşaklygy, howa geçirijiligi we maýyşgaklygy üpjün edýär.  

Kemer S, M we L ölçeglerde elýeterli bolup, Vision Pro-nyň birinji wersiýasy bilen hem gabat gelýär. Şonuň üçin ony aýratyn satyn alyp bolýar.

Täzelenen garnitura 256 GB, 512 GB we 1 TB ýat bilen hödürlenýär. Deslapky sargytlar eýýäm Awstraliýada, Kanadada, Ýewropa ýurtlarynda, Ýaponiýada, BAE-de we ABŞ-da açyldy.

Satuw 22-nji oktýabrda başlar, başlangyç baha öňküligine galdy – $3499. 


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...