Apple täze M5 prosessorly 14 dýuýmlyk MacBook Pro noutbugyny hödürledi

  • 16.10.2025 19:01
  • 1.5k+

Apple täze M5 prosessorynda işleýän 14 dýuýmlyk MacBook Pro noutbugyny hödürledi. Kompaniýa ony “Mac üçin emeli aňy ösdürmekde indiki uly ädim” diýip atlandyrýar. Enjamyň EA meselelerinde öndürijiligi öňki M4-li model bilen deňeşdirilende 3,5 esse ýokarlandy.

M5 çibi her ýadroda neýron tizleşdirijisi bolan täze nesliň 10 ýadroly grafiki prosessory bilen enjamlaşdyryldy. Professional programmalarda we oýunlarda grafika bir ýarym esse tiz boldy. Merkezi prosessor hem 10 ýadro eýe boldy we M4 bilen deňeşdirilende köpugurly öndürijiligi 20%-e çenli ýokarlandyrdy.

SSD ýygnaýjylary indi iki esse tiz işleýär, 4 TB çenli ýat bar, operatiw ýadyň geçirijilik ukyby bolsa 153 GB/s çenli ýokarlandy.

Apple-iň maglumatlaryna görä, täze MacBook Pro şeýle netijeleri görkezýär:

·M1-li model bilen deňeşdirilende Topaz Video-da EA bilen wideo işlenende 7,7 esse ýokary öndürijilik;

·Blender-de 3D modelden şekili 6,8 esse tiz taýýarlamak;

·Oýunlarda kadr ýygylygy 3,2 esse ýokarlandy;

·Xcode-da taslamalary ýygnamagyň tizligi 2,1 esse ýokarlandy.

Noutbuk Liquid Retina XD ekranyna, 12 Mp Center Stage kamerasyna, alty dinamige, giň port toplumyna we Apple Intelligence goldawyna eýe boldy. Ol macOS Tahoe-niň dolandyrmagynda işleýär.

Täze MacBook Pro üçin deslapky sargytlar eýýäm başlady, esasy baha öňküligine galdy – $1599. Üpjünçilik 22-nji oktýabrda başlar, gara we kümüşsöw reňkler elýeterli.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...