Apple täze çip bilen iPad Pro planşetini çykardy

  • 16.10.2025 18:57
  • 1.2k+

Apple täze nesil iPad Pro planşetini hödürledi. Esasy täzelik kompaniýanyň öz M5 prosessoryna geçmegi boldy.

Täze M5 çibi 10 ýadro bilen üpjün edildi – olardan dördüsi öndürijilige jogap berýär, altysy energiýa tygşytlaýjy ýadrodyr. Grafiki ulgam üçünji nesil şöhle ýoluny hasaplaýyş goldawyna eýe boldy. Neural Engine neýron tizleşdirijisi bolsa 16 ýadroly bolup, emeli aň bilen bagly ýumuşlary ýerine ýetirmekde has ýokary tizligi üpjün edýär.

Öýjükli aragatnaşyk ulgamlaryna birikmek üçin Apple C1X modemi göz öňünde tutuldy, ol maglumatlaryň 50% tiz iberilmegini üpjün edip, energiýanyň sarp edilişini azaldýar. Simsiz birikmek üçin Wi-Fi 7, Bluetooth 6 we Thread goldawy bilen Apple N1 çibi jogap berýär.

Ýadyň geçirijilik ukyby 30% ýokarlandy we indi 150 GB/s-den geçýär. Operatiw ýadyň göwrümi 256 we 512 GB içki ýatly wersiýalarda 12 GB barabar. Planşet 120 Gs çenli täzelenme ýygylygy bilen 11 we 13 dýuýmlyk displeýlerde çykarylýar.

Täze modeller çalt zarýad alşy goldaýar – 40 Wt we ýokary kuwwatly adapterler ulanylanda ýarym sagatda 50%-e çenli.

Bahalar 11 dýuýmlyk iPad Pro üçin 999 dollardan we 13 dýuýmlyk üçin 1299 dollardan başlaýar. Satuw 22-nji oktýabrda başlar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...