Tokio we Wiktoriýa syýahatçylaryň arasynda iň halanýan şäherler hökmünde ykrar edildi

  • 16.10.2025 10:37
  • 5.4k+

Amerikanyň meşhur Condé Nast Traveler syýahat žurnaly okyjylarynyň arasynda geçirilen ses berişlikde iň halanýan şäherleriň sanawy yglan edildi. Netijelere görä, iri şäherleriň arasynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio, kiçi şäherleriň arasynda bolsa Kanadanyň Wiktoriýasy birinji orny eýeledi. Barlaga 750 müňden gowrak adam gatnaşdy.

Wankuweriň golaýynda ýerleşýän Wiktoriýa syýahatçylary tebigatda dynç almak mümkinçilikleri, ýokary derejeli spa myhmanhanalary we Swars-Beý aýlagyndan geçýän parom geçelgesi bilen özüne çekýär. Kiçi şäherleriň arasynda ikinji ýeri Meksikadaky deňiz kenarlary we barlary bilen tanalýan Puerto-Walýarta, üçünji ýeri bolsa sungaty, binagärçiligi we medeni mirasy bilen meşhur bolan Florensiýa eýeledi. Şweýsariýanyň Lýusern we Meksikanyň San-Migel-de-Alýende şäherleri hem ilkinji bäşlikde ýerleşdi.
Iri şäherleriň arasynda Tokio häzirki zaman gökdirän binalary bilen gadymy ybadathanalary utgaşdyrmagy başarandygy, şeýle hem Mişlen ýyldyzly restoranlaryň dünýäde iň köp jemlenen şäheri hökmünde syýahatçylary haýran galdyrdy. Megapolisleriň sanawynda Ýaponiýanyň beýleki bir şäheri Kýoto ikinji, Günorta Afrikanyň Keýptauny üçünji, Singapur dördünji, Günorta Koreýanyň paýtagty Seul bolsa bäşinji orny eýeledi.
Iň gowy 10 kiçi şäher:

  1. Wiktoriýa, Kanada
  2. Puerto-Walýarta, Meksika
  3. Florensiýa, Italiýa
  4. Lýusern, Şweýsariýa
  5. San-Migel-de-Alýende, Meksika
  6. San-Sebastýan, Ispaniýa
  7. Golueý, Irlandiýa
  8. Palma-de-Malýorka, Ispaniýa
  9. Walletta, Malta
  10. Hobart, Tasmaniýa (Awstraliýa)

Iň gowy 10 uly şäher:

  1. Tokio, Ýaponiýa
  2. Kýoto, Ýaponiýa
  3. Keýptaun, Günorta Afrika
  4. Singapur
  5. Seul, Günorta Koreýa
  6. Pariž, Fransiýa
  7. Wankuwer, Kanada
  8. Edinburg, Şotlandiýa
  9. Monreal, Kanada
  10. Pnompen, Kamboja

şu gün 16:40
970

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
5.9k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......