Serdar Berdimuhamedow «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

  • 16.10.2025 10:21
  • 10k+

15-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň gerimli işleri alyp barýarlar. Bu bolsa ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, «Daewoo» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi.
Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge hemişe ygrarlydygyny aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda himiýa senagatynyň ýurdumyzyň depginli ösýän pudaklarynyň biridigini belläp, ýerli çig maly ulanmak arkaly milli ykdysadyýetimiziň pudaklary, şeýle hem eksport ugurly önümleri öndürmegiň bu pudagy ösdürmegiň esasy strategiýasy bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutany Türkmenistanda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny, döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde iri önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.
Işewür Türkmenistanda durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmaga goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belläp, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmagyna döredilýän amatly şertler üçin hoşallygyny beýan etdi.


şu gün 11:28
288

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 19:44
1.9k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.6k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......