Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa boýunça IV halkara olimpiada açyldy

  • 16.10.2025 10:02
  • 4.5k+

15-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi.

Halkara olimpiada ýurdumyzyň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Rumyniýanyň, Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinden himiýa dersinden ýokary dereje görkezen 260-a golaý talyp gatnaşýar. Olar şahsy bäsleşik görnüşinde A we B derejede öz aralarynda bäsleşerler.
Olimpiadanyň çäginde «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem geçirilýär.
Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasynda Magtymguly adyndaky TDU-nyň, Sinszýan uniwersitetiniň, B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň, Maşatdaky Ferdöwsi uniwersitetiniň, Halkara Astana uniwersitetiniň, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň, Ploieşti nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary, magistrantlary, talyplary çykyş etdiler.
Olimpiada halkara ülňülere laýyklykda, şahsy bäsleşik görnüşde A we B derejede geçirilip, oňa ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň professor-mugallymlary, alymlary, hünärmenleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, alymlary eminlik edip, daşary ýurtly alymlar synçy hökmünde gatnaşýarlar.


02.06.2026 20:35
3.5k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......