Italiýanyň kenarlarynda çuň suwlardaky merjenleriň täze görnüşleri tapyldy

  • 15.10.2025 15:25
  • 4.9k+

Alymlar Ortaýer deňzinde uly çuň umman rifini ýüze çykardylar. Bu açyş merjenleriň ekoulgamlarynyň ekologiki funksiýalaryny we umman çuňlugyndaky paýlanyşyny has gowy öwrenmäge kömek eder diýip, The Independent habar berýär.

Rif Neapoluň kenarynda, Dorn kanýonynda, 500 metrden gowrak çuňlukda tapyldy. Barlagçylaryň bellemegine görä, merjenler pes ýagtylykda we ýokary basyşda ýaşamaga mümkinçilik berýän seýrek uýgunlaşmalara eýe. Olar çuňlukda ýaşaýan beýleki umman jandarlary üçin gaçybatalga bolup hyzmat edýän çylşyrymly ekoulgamlary döredýärler.
Täze rif gaty, gara we ýekelikdäki merjenlerden, gubkalardan we beýleki ekologiki taýdan möhüm görnüşlerden durýar. Şeýle-de, alymlar gadymy merjenleriň we ustrisalaryň gatap galan galyndylarynyň yzlaryny, ýagny "uzak geçmişiň geologiki subutnamalaryny" tapdylar.
Ekspedisiýanyň ýolbaşçysy Jorjio Kastellan bu açyşyň Italiýanyň deňizleri üçin aýratyndygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, şeýle görnüşdäki we göwrümdäki biogurluşlar Dorn kanýonynda öň duş gelmändir we Ortaýer deňzinde örän seýrekdir.
Geljekki barlaglar bu görnüşleriň howanyň üýtgemegine we adamzadyň täsirine näderejede çydamlydygyny kesgitlemäge kömek eder. Bu bolsa deňizdäki biodürlüligi gorap saklamak üçin möhümdir.


27.05.2026 01:10
2.5k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......

26.05.2026 00:48
3.1k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......

15.05.2026 15:40
4.2k+

Italiýada dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» ýola goýuldy

Italiýanyň demirgazygynda işläp düzüjiler tarapyndan dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» diýlip atlandyrylýan RailEvo transport ulgamynyň synaglary başlandy. Taslama bar bolan demirýol infrastrukturasynyň......

02.05.2026 14:04
2.1k+

Briksende yşyk we suw festiwaly geçirilýär

Italiýanyň Günorta Tirol sebitindäki Briksen şäherinde täsin yşyk we suw festiwaly dowam edýär. Bu ýylky çäre dünýä parahatçylygyna bagyşlanyp, «Parahatçylygy göz öňüne getir» («Imagine Peace») diýlip......