“Minecraft kinoda” filminiň dowamy 2027-nji ýylyň tomsunda çykar

  • 15.10.2025 14:17
  • 1.9k+

Warner Bros. kompaniýasy Legendary bilen hyzmatdaşlykda “Minecraft kinoda” filminiň dowamyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Dowamynyň dünýä prokatyna çykarylmagy 2027-nji ýylyň 23-nji iýulynda meýilleşdirilýär diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

Meşhur wideo oýna esaslanan ilkinji film dünýäde takmynan 958 million dollar girdeji gazanyp, 2025-nji ýylyň iň köp tomaşa edilen filmleriniň biri boldy.
Taslamanyň režissýory öňküsi ýaly Jared Hess bolar, ol filmiň ssenarisini hem Kris Galletta bilen bilelikde ýazýar. Aktýor düzümi entek mälim edilmedi, ýöne birinji bölümde Jeýson Momoa, Jek Blek, Emma Maýers, Daniel Bruks, Jennifer Kulij we Sebastýan Hansen ýaly ýyldyzlar oýnady.
Filmiň ilkinji bölümi çykandan soň, kinoteatrlarda “towuga atlanan çapyksuwar” atly wirusly trend peýda boldy. Ýetginjek tomaşaçylar Jeýson Momoanyň gahrymanynyň towuga atlanan zombi bilen söweşýän pursatyna öýkünýärdiler. Bu ýagdaý sebäpli käbir kinoteatrlarda goşmaça howpsuzlyk çäreleri girizilmeli boldy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....