Eplenýän iPhone garaşylandan arzan bolar: Apple önümçiligi arzanlatmagyň usulyny tapdy

  • 15.10.2025 11:31
  • 5.2k+

Apple-iň iPhone Fold deslapky ady bilen ilkinji eplenýän smartfony 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda çykmaly. Ozal bu kompaniýanyň taryhynda iň gymmat iPhone bolar diýlip garaşylypdy, ýöne analitik Min-Çi Kuonyň habar bermegine görä, smartfon esasy komponentleriň bahasynyň arzan bolmagy netijesinde biraz elýeterli bolar.

Kuonyň hasaplamalaryna görä, eplenýän mehanizmiň esasy we iň çylşyrymly bölegi bolan şarnir köpçülikleýin öndürilen ýagdaýynda, takmynan, 70-80 dollara düşer, ozal onuň bahasy 100-120 dollardan ýokary bolar diýlip çaklanypdy. Tygşytlamak arzan materiallaryň hasabyna däl-de, şarniri ýygnamagyň has netijeli usulynyň tapylmagy bilen mümkin boldy.
Şarnirleri çykarmak üçin Apple-iň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Foxconn kompaniýasy Taýwanyň Shin Zu Shing öndürijisi bilen bilelikdäki kärhanany döretdi. Kuonyň aýtmagyna görä, Foxconn-yň bu hyzmatdaşlykda paýy uly bolup, hut ol ösüş ugruny kesgitleýär. Bilelikdäki kärhana şarnir üpjünçiliginiň umumy möçberiniň, 65% töweregini üpjün eder, galan 35%-i bolsa Amphenol kompaniýasy tarapyndan öndüriler. 2027-nji ýylda olara Luxshare hem goşulyp bilner, bu bolsa şarniriň bahasynyň hasam arzan bolmagyna mümkinçilik berer.
Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň maglumatlaryna görä, iPhone Fold-yň bahasy 2000 dollar töweregi bolup biler. Şeýle pikiri JPMorgan analitikleri hem goldaýar. 


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...