SpaceX kompaniýasy Starship raketasynyň 11-nji synagyny üstünlikli geçirdi

  • 14.10.2025 19:17
  • 1.4k+

14-nji oktýabrda irden SpaceX kompaniýasy kuwwatly Starship raketa göterijisiniň on birinji synagyny geçirdi. Geçenki uçuş ýaly bu synag hem üstünlikli tamamlandy.

Raketa ýerli wagt bilen 18:24-de (Aşgabat wagty bilen 4:24) Tehasdaky uçuş meýdançasyndan goýberildi. Kompaniýa X sosial ulgamyndaky sahypasynda missiýany ýaýlyma berdi.
24 sany Raptor hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan Super Heavy tizleşdirijisi uçuşdan 10 minutdan soň Meksika aýlagynda gonmak üçin yzyna dolandy. Täze missiýanyň çäklerinde hereketlendirijileriň gonuş wagty täze iş shemasy barlandy.
Ikinji basgançagyň, Starship raketasynyň öz uçuşy 1 sagat 6 minut dowam etdi.
Esasy synag atmosfera girmek boldy. Geçenki synagda bolşy ýaly, SpaceX-iň inženerleri gäminiň adatdan daşary şertlerde berkligini barlamak üçin gorag plitkalarynyň käbirini aýyrdy. Ýaýlym wagty goraga zeper ýetendigi göründi, ýöne muňa garamazdan Starship bu tapgyrdan hem üstünlikli geçdi.
Gämi orbita sekiz sany Starlink hemra maketini çykardy. Şeýle-de, kompaniýa kosmosda hereketlendirijini gaýtadan işletmegi we Ýere gaýdyp gelen wagty gäminiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen kämilleşdirmeleri synagdan geçirmegi başardy.
Ähli hereketlerden soň gämi Hindi ummanynda gondy we ýaryldy.

“Biz bu gün Starship-i yzyna gaýtarmagy meýilleşdirmedik” – diýip, ýaýlym alypbaryjysy partlama teswir berdi.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......