Hindistanly adam 1 millimetrden sähel uly bolan agaç çemçäni döretdi

  • 14.10.2025 13:25
  • 11k+

Hindistandan 23 ýaşly inžener-elektrik we miniatýuraçy hudožnik K. Bijaý Kumar Reddi dünýäde iň kiçijik agaç çemçäni ýasady. Bu aşhana enjamy 1,13 millimetrden uly däl.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda bellenilişi ýaly, çemçe şeýle bir kiçijik welin, ol hatda iňňäniň gözünden geçip bilýär.
Reddi çemçäni ýanwarda Odişa hindi ştatynda döretdi. Öňki rekord onuň watandaşy Manoja Me degişli bolup, onuň çemçesiniň ululygy 1,14 millimetrdi.
Ussa adatça hek bilen işleşýändigini, ýöne bu gezek agajy barlap görmek isländigini aýtdy. Ilkibaşda ol laýyk gelýän agaç görnüşini saýlady, soňra kiçijik gurallaryň kömegi bilen oňa şekil berdi we seresaplylyk bilen onuň ýüzüni ýylmady.
Reddiniň aýtmagyna görä, şeýle ownujak zatlar bilen işlemegiň kyndygyna garanazdan, ol saklanmak islemeýär we eýýäm öz rekordyny döwmek üçin has kiçi çemçäni ýasamagy meýilleşdirýär.


şu gün 12:35
2.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 10:46
2.9k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....