New Line “Mortal Kombatyň” ikinji bölümi çykmanka üçünjisiniň üstünde işläp başlady

  • 14.10.2025 13:31
  • 3.3k+

New Line Cinema studiýasy “Mortal Kombat” filminiň ikinji bölümi çykmazdan ozal üçünjisini taýýarlamaga girişdi. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, täze bölümiň ssenariçisi ýene-de Jeremi Sleýter bolar.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Warner Bros. kompaniýasy ikinji bölümiň önümçiliginden diýseň kanagatlanýar. Filmiň premýerasy 2025-nji ýylyň 24-nji oktýabryndan 2026-njy ýylyň 15-nji maýyna süýşürildi. Onuň ilkinji treýleri bir günde 107 mln tomaşa ýygnap, franşiza üçin rekord goýdy. Üçünji filmiň sýužeti barada entek maglumat ýok.
Birinji “Mortal Kombat” 2021-nji ýylyň aprelinde çykdy we prokatda 84,4 mln dollar gazandy. Filmiň dowamynyň sýužeti birinji filmiň wakalaryny ösdürýär: Şan Szun (Çin Han) onunjy ýaryş başlamazdan öň Ýeriň çempionlaryny ýok etmäge synanyşýar.
Ssenariçi Jeremi Sleýteriň aýtmagyna görä, täze bölümde tomaşaçylara Mortal Kombat ýaryşynyň özi garaşýar. Onda tanyş gahrymanlar Jonni Keýj (Karl Urban), Lýu Kan (Ludi Lin), Jaks (Mikad Bruks), Sonýa Bleýd (Jessika MakNemi) we täze gahrymanlar Kitana (Adelina Rudolf), Jeýd (Tati Gabriel), Kuan Çi (Deýmon Herriman) we Şao Kan (Martin Ford) peýda bolar.
Sleýter “Mortal Kombat-2-niň” synag görkezişlerinde tomaşaçylaryň filme duýgy bilen seslenendigini belledi.

“Olar gygyryp, ýerlerinden böküp turdy. Her bir degişme tüýs ýerine düşüp, olary haýran galdyrdy. Bu meniň durmuşymda iň gowy pursatlaryň biri” – diýip, ssenariçi aýtdy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....