Lay’s 90 ýyllyk taryhynda iň uly rebrendingi geçirýär

  • 14.10.2025 13:17
  • 4.1k+

Lay’s kompaniýanyň taryhynda “iň uly rebrendingi” yglan etdi. Indi her tagamyň gaplamasynda “Hakyky ýeralmadan taýýarlanan” ýazgysy peýda bolar.

Kompaniýanyň geçiren pikir soraşmasy alyjylaryň 42%-iniň Lay’s çipsileriniň gaýtadan işlenen goşundylardan däl-de, fermada ösdürilip ýetişdirilen ýeralmadan taýýarlanýandygyny bilmeýändigini görkezdi.
Daşky üýtgeşmelerden başga-da, brend resepti hem üýtgeder. ABŞ-da Lay’s 2025-nji ýylyň ahyryna çenli emeli ys berijilerden we reňk berijilerden doly ýüz öwrer. Şeýle-de, çipsileri gowurmak üçin zeýtun ýagy (Lay’s Baked hatarynda) we awokado ýagy (Lay’s Kettle Cooked hatarynda) ulanylyp başlanar. Beýleki ýurtlarda önümleriň düzümini üýtgetmek meýilnamalary barada metbugat relizinde habar berilmeýär.
Rebrending “Amerikany ýene sagdyn edeliň” umumymilli başlangyjy bilen gabat geldi. Ol Donald Tramp tarapyndan bellenen saglygy goraýyş ministri Robert F. Kennedi-kiçi tarapyndan goldanylýar. Ozal Prezident Coca-Cola kompaniýasyny içgilerde mekgejöwen şiresiniň deregine çiňrik şekerini ulanmaga ynandyrandygyny aýdypdy. Kampaniýa azyk senagatynda ýokary fruktoza düzümli mekgejöwen şiresi, emeli reňk berijiler we gaýtadan işlenen ösümlik ýaglary ýaly zyýanly goşundylardan ýüz öwürmäge gönükdirilendir.
Ýeralma çipsileriniň brendi bolan Lay’s 1938-nji ýylda German W.Leý tarapyndan esaslandyryldy. Çipsiler 1970-nji ýyldan bäri PepsiCo Inc. kompaniýasyna degişli bolan Frito-Lay tarapyndan öndürilýär. Bu kompaniýa Fritos, Doritos, Ruffles we Cheetos ýaly belli brendler hem degişlidir. 

şu gün 12:35
2.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.2k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.7k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......