Bredli Kuper “Ouşeniň on bir dosty” filminiň prikwelinde Margo Robbi bilen bilelikde oýnar

  • 13.10.2025 16:20
  • 3.8k+

Amerikaly aktýor Bredli Kuper (“Ýyldyz doguldy”, “Snaýper”) “Ouşeniň on bir dosty” (Одиннадцати друзей Оушена) filminiň prikwelinde Margo Robbä (“Barbi”, “Öz janyna kast edijileriň topary”) goşuldy. Bu barada Deadline we Variety habar berýär.

Prikweliň sýužeti gizlin saklanýar, ýöne wakanyň Denni Ouşeniň (Jorj Kluniniň gahrymany) ene-atasy barada gürrüň berjekdigi we 1960-njy ýyllarda Ýewropada ýaýbaňlanjakdygy mälim.
Filmiň režissýory Li Aýzek Çun bolar, prodýuserlik işini Margo Robbiniň LuckyChap kompaniýasy ýerine ýetirer. Ssenarini Kerri Solomon ýazdy. Filmi 2026-njy ýylda düşürmek meýilleşdirilýär.
Ozal baş gahrymanyň keşbi üçin Raýan Gosling göz öňünde tutulypdy. Film “Ouşeniň dostlarynyň” indiki bölümleriniň hem önümçiligi bilen meşgullanjak Warner Bros. tarapyndan çykarylar. Täze bölümlerde Jorj Kluniniň, Bred Pittiň, Met Deýmonyň we Juliýa Robertsiň gaýdyp gelmegine garaşylýar.
Şol bir wagtyň özünde, Bredli Kuper özüniň üçünji režissýorlyk işiniň – “Bu zat işleýärmi?” dramedisiniň çykmagyna taýýarlanýar. Ol filmde keşpleriň birini hem ýerine ýetirdi. Aktýor Warner Bros. bilen işleşmegini dowam etdirýär we ýakyn geljekde Stiwen Spilbergiň “Detektiw Bullit” filminde-de peýda bolar.  


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....