Alymlar Aýyň iň uly krateriniň gelip çykyşyna täzeden seredýärler

  • 13.10.2025 09:21
  • 2.1k+

Alymlar Aýdaky iň uly krater bolan Günorta polýus — Eýtkeniň gelip çykyşynyň ozal çak edilenden tapawutlydygyny anykladylar. Arizona uniwersitetinden Jeffri Endrýus-Hannanyň ýolbaşçylygyndaky täze barlagyň netijesine görä, asteroid Aýa günortadan däl-de, demirgazyk tarapdan gelip urupdyr.

Barlagyň netijeleri Nature žurnalynda çap edildi.
Bu krater Aýyň iň gadymy urgudan emele gelen gurluşydyr — onuň ýaşy takmynan 4,3 milliard ýyl. Diametri 2500 kilometr, çuňlugy bolsa 12 kilometre golaý. Öň bu urgynyň günortadan gelip degendigi çak edilýärdi, emma krateriň şekiliniň täze seljermesi damja görnüşindäki daralmanyň günorta tarapa gönügendigini görkezýär — bu bolsa garşy tarapy, ýagny demirgazykdan gelen urgyny tassyklaýar.
Alymlar Aýyň topografiýasy, dartyş güýji we gabygyň galyňlygy baradaky maglumatlary Marsdaky kraterler bilen deňeşdirdiler. Netijeler olaryň demirgazykdan gelen urgy baradaky gipotezasyny goldady.
Şeýle çaknyşyk Aýyň sowamagyna we gabygyň emele gelmegine täsir edip bilerdi: käbir ýerlerde ýylylyk has çalt dargapdyr, käbir ýerlerde bolsa saklanyp galypdyr. Barlagçylar krateriň gyralarynda Aýyň çuň gatlaklaryndan çykýan jynslaryň bolmagynyň ähtimaldygyny belleýärler.
NASA-nyň 2027-nji ýyl üçin meýilleşdirilen Artemis III missiýasy şol sebite baryp, topragyň düzümine we suw buzunyň bardygyna sereder.
Diňe şol ýerden getiriljek Aý topragynyň nusgalary, krateriň hakyky gelip çykyşy baradaky jedeli çözüp biler. Endrýus-Hannanyň toparynyň çaklamasyny tassyklamak ýa-da ret etmek üçin, şol nusgalaryň Ýerdäki laboratoriýalara gelip ýetmegine garaşmaly bolar.


düýn 10:01
3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....