“Zalym: Baky” 2025-nji ýylda petekleriň deslapky satuwy boýunça rekord goýdy

  • 12.10.2025 23:44
  • 2.5k+

“Zalym: Baky” (Злая: Навсегда) fentezi-mýuzikli 2025-nji ýylda petekleriň satylyp başlanan ilkinji güni satuw boýunça rekord goýdy. Bu barada Fandango serwisi habar berýär.

Film görkezijiler boýunça “Supermen”, “Arwahlary ýok ediji” ýaly uly premýeralardan öňe geçdi. Mundan başga-da, film taryhda petekleriň deslapky satuwlarynyň ilkinji güni gazanylan girdeji boýunça ahyrky “Ar alyjylar”, “Ýyldyz söweşleriniň” ýedinji bölümi we “Möý adam: Öýe ýol ýok” bilen bir hatarda iň girdejili filmleriň onlugyna girdi.
Şol bir wagtyň özünde, takyk sanlar getirilmeýär.
Filmiň dowamynyň global premýerasy 2025-nji ýylyň 21-nji noýabryna meýilleşdirilýär.
“Zalym” “Oz ýurdunyň jadygöýi” filminiň resmi däl prikwelidir. Waka Oz ýurdunyň ýaşaýjylarynyň jadyly başarnyklary sebäpli gaça durýan ýaşyl jadygöýi Elfaba (Sintiýa Eriwo) barada gürrüň berýär. Elfaba häkimiýetden gizlenýärkä, onuň jorasy Glinda (Ariana Grandeniň ýerine ýetirmeginde) halkyň söýgüsine mynasyp bolýar.
Filmiň režissýory bolup Jon M. Çu çykyş etdi. Film Gregori Maguaýryň 1995-nji ýyldaky romanyna we 2003-nji ýyldaky adybir brodweý mýuzikline esaslanýar. 2024-nji ýylda çykan birinji bölüm prokatda 756 mln dollar gazandy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....