Duolingo-nyň gahrymanlary baradaky animeniň ilkinji treýleri çykdy

  • 12.10.2025 11:33
  • 2.1k+

Duolingo “Soňky synag” (The Final Test) ady bilen anime serialynyň ilkinji treýlerini hödürledi.

Baş gahryman kompaniýanyň tumary – ýaşyl baýguş Duo boldy. Sýužet boýunça hakyky dünýäden adamlar howply synaglaryň dünýäsine düşýär. Duo olaryň “seriýasynyň” (streak, olaryň programmada sypdyrmazdan ýumuşlary ýerine ýetiren günleriniň sany) berk gözegçisi bolýar we gahrymanlary dil öwrenmäge mejbur edýär. Gahrymanyň gülkünç we eýjejikdigine garamazdan, serial tomaşaçylary programmadaky adaty duýduryşlardan has güýçli “gorkuzmaga” gönükdirilendir.
Mundan başga-da, Lili, Zari, Eddi, Junior, Oskar we Falstaf täze funksiýalary ilkinji synagdan geçirijiler bolar.
Serial “Metallopokalipsisiň” we “Vox Machina barada rowaýatyň” üstünde işlän Titmouse amerikan studiýasy bilen bilelikde döredilýär. Bölümler gysga – bir minutlyk bolar we ýapon dilinde ses berler. Subtitrler iňlis, fransuz, ispan, koreý we taý ýaly dokuz dilde elýeterli bolar.
Taslama indi Duolingo ulanyjylarynyň hemmesi üçin elýeterli bolan täze ýapon dili sapagyny goldamagyň usuly hem-de animeniň üsti bilen brendi görkezmegiň täze usuly hökmünde döredildi.
Premýera 13-nji oktýabrda Duolingo YouTube kanalynda bolar. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....