Tramp noýabrdan başlap Hytaýdan importa 100% paç giriziljekdigini aýtdy

  • 12.10.2025 10:23
  • 12k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2025-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap Birleşen Ştatlaryň Hytaýdan harytlaryň importyna 100% gümrük paçlaryny girizjekdigini habar berdi. Bu barada ol özüniň Truth Social sosial ulgamynda ýazdy.

“ABŞ Hytaýa garşy eýýäm hereket edýän gümrük paçlaryna goşmaça 100% paç girizer. Şeýle-de, 1-nji noýabrda biz islendik möhüm programma üpjünçiligi üçin eksport gözegçiligini girizeris” – diýip, amerikan lideri belledi.

Onuň aýtmagyna görä, şeýle çözgüt Hytaýyň söwdada “abaý syýasaty alyp barmagy” we ähli öndürilýän harytlara diýen ýaly eksport gözegçiligini girizmegi bilen baglanyşyklydyr.
Ak tamyň ýolbaşçysy şeýle şertlerde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen Günorta Koreýada geçiriljek APEC-iň sammitiniň çäklerinde meýilleşdirilen duşuşygyň hem bimanydygyny aýtdy.  
Ozal, 2025-nji ýylyň aprelinde ABŞ bilen Hytaý söwda gatnaşyklarynyň ýitileşmegini başdan geçiripdi. Şol wagt Waşington hytaý harytlary üçin paçlary 104%-e, Pekin hem jogap hökmünde 84%-e çenli ýokarlandyrdy. Jogap çärelerinden soň gümrük paçlary, degişlilikde, 145%-e we 125%-e ýetdi, ýöne soň taraplar “söwda ýaraşygyny” gazandy.
Trampyň täze bildirişiniň esasynda amerikan gazna indeksleri birden pese gaçdy: Dow Jones bir gün öň bilen deňeşdirilende 1,9%, S&P 500 2,7%, Nasdaq 3,5% peseldi. CNN-iň maglumatlaryna görä, hytaý importy üçin amerikan paçlarynyň umumy göwrümi indi 130% töweregi bolar.


08.06.2026 18:54
4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

01.06.2026 07:34
8.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......