Ledi Gaga “Melgun Prada geýýär” filminiň dowamynda oýnar

  • 12.10.2025 11:17
  • 3.4k+

Ledi Gaga “Melgun Prada geýýär” (Дьявол носит Prada) filminiň dowamynyň düşürilişine gatnaşar. Variety neşiriniň habar bermegine görä, aýdymçy 2006-njy ýylyň meşhur komediýasynyň dowamynyň düşürilýän ýeri bolan Milanda göründi.

Konsert tertibiniň doludygyna garamazdan, Gaga aýdym-saz çykyşlary bilen filmlere düşmek işini bilelikde alyp barmaga ýetişýär. Ýakynda ol Londondaky “O2 Arenada” dört konsert berdi, tiz wagtdan bolsa Stokgolmda çykyş eder.
“Melgun Prada geýýär-2” filmindäki keşp aýdymçy üçin prokatda şowsuz bolan “Joker: Iki adamlyk telbelik” (Джокер: Безумие на двоих) filminden soň kinoda ilkinji uly işi bolar. Şu ýyl ol Netflix-iň “Uensdeý” serialynda kameoda hem peýda boldy.
Ikinji bölümiň sýužeti boýunça, moda žurnalynyň baş redaktory Miranda Pristli çap metbugatynyň çökgünligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Onuň öňki kömekçisi Emili indi kaşaň brende ýolbaşçylyk edýär we hut onuň mahabat býujeti Pristliniň žurnalyny halas edip biler.
Taslamanyň üstünde birinji bölümdäki şol bir topar işleýär: režissýor ýene-de Dewid Frenkel bolar, ssenarini Alin Broş MakKenna ýazdy, prodýuserler bolup Wendi Faýnerman we Karen Rozenfelt çykyş edýär.
Öz keşplerine Meril Strip, Enn Heteueý, Emili Blant we Stenli Tuççi gaýdyp gelýär. Şeýle-de, aktýorlar düzümine Lýusi Lýu, Jastin Teru, B.J.Nowak we Polin Şalame goşuldy. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....