Türkmen ilçisi Malaýziýada Sanweý uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary bilen duşuşdy

  • 11.10.2025 18:07
  • 4.1k+

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň professor-mugallymlary we türkmen hem-de daşary ýurtly talyplary bilen duşuşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynda geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda Sanweý uniwersitetiniň Işewürlik mekdebiniň dekany, hormatly professory Lim Weng Mark ilçihana tarapyndan guralan mazmunly duşuşyk üçin uniwersitetiň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Professor Lim Weng Mark öz çykyşynda Uniwersitetiň halkara talyplary bilen alyp barýan işleri barada gysgaça gürrüň berdi. Ol häzirki wagtda Sanweý uniwersitetinde 250-den gowrak türkmen talybynyň bilim alýandygyny belläp, geljekde bu sanyň artdyrylmagy ugrunda degişli işleri dowam etdirmäge taýýardygyny nygtady.
Öz gezeginde türkmen tarapy Malaýziýadaky türkmen talyplaryna berilýän goldaw hem-de döredilýän oňaýly şertler üçin Sanweý uniwersitetiniň ýolbaşçylaryna we mugallymlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......