Jon Litgou ilkinji gezek Dambldoryň keşbinde göründi

  • 11.10.2025 17:54
  • 10k+

Internetde 79 ýaşly Jon Litgouyň HBO-nyň Garri Potter barada täze serialynyň düşürilişinden Dambldoryň keşbinde ilkinji suratlary peýda boldy. Kadrlar X sosial ulgamynda resmi Wizarding World Direct akkaunty tarapyndan hödürlendi.

“Garri Potter we jadygöýiň daşy” romanynyň sahnalary Angliýanyň Kornuoll graflygynda düşürilýär. Suratlarda Litgou önümçilik toparynyň gurşamagynda kenarda gezmeläp ýör. Asyl filmlerdäki Dambldor ýaly aktýoryň uzyn çal sakgaly bolup, saçy yzynda ýygnalan we inçe çarçuwaly äýnek dakynýar. Onuň egninde bolsa zümerret nagyşly gara don we goýy benewşe penjek bar.
Dambldoryň egin-eşigi, Hagridiňki ýaly, filmlerden tomaşaçylar üçin tanyş bolan stili saklaýar. Ilkinji iki bölümiň režissýory Kris Kolambus ozal bu çözgüdi tankytlap, üýtgeşmeleriň bolmagyna garaşandygyny aýdypdy.
Jon Litgou “Interstellar”, “Maýmynlar planetasynyň gozgalaňy” we “Konklaw” filmleri, şeýle-de “Günden üçünji planeta” (munuň üçin “Altyn globus” aldy) we “Ejeňize nähili duşdum” seriallary bilen bellidir.
Aktýoryň aýtmagyna görä, bu keşbe razy bolmak aňsat bolmady. “Bu aňsat çözgüt bolmady, sebäbi ol meniň ömrümiň ahyrky babyny kesgitlär diýip gorkýaryn” – diýip, ol aýtdy.
Garri Potter baradaky serialyň premýerasy 2027-nji ýylda HBO we HBO Max platformalarynda meýilleşdirilýär.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....