“Kerpiç” nemes filmi 62 mln tomaşa ýygnap, Netflix-iň öňdebaryjy filmleriniň hataryna goşuldy

  • 11.10.2025 16:59
  • 4.5k+

Germaniýada çykarylan “Kerpiç” (Brick) trilleri garaşylmadyk ýagdaýda Netflix-iň öňdebaryjy filmleriniň birine öwrüldi. Iýulda premýerasy bolany bäri film 61,7 mln tomaşa ýygnap, tomaşaçylary 103,8 mln sagatlap ekranyň öňünde saklady.

Film eýýäm Netflix-iň taryhynda iň meşhur iňlis dilli däl filmleriň ilkinji onlugynda dokuzynjy orny eýeledi. Relizden soň ilkinji günler film hatda platformanyň täze filmleriniň çartynda iň meşhur bolmagy başardy.
Režissýor we ssenariçi Filipp Koh filmde, “Kub” (1997) we “Platforma” (2019) filmlerinde bolşy ýaly, üzňelik meselesine ýüzlenýär.
Köp öýli jaýyň ýaşaýjylary birden ähli çykalgalaryň syrly kerpiç diwary bilen ýapylandygyny görýär. Baş gahrymanlar – IT hünärmeni Tim we binagär Oliwiýa öýden çykmaga we şol bir wagtyň özünde öz gatnaşyklaryny çözmäge çalyşýar.
Täjirçilik üstünligine garamazdan, tankytçylar filmi sowuk garşylady. Ol Rotten Tomatoes saýtynda tankytçylardan 46%, tomaşaçylardan bolsa bary-ýogy 24% oňyn ses aldy. 


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....