Eýnşteýniň ilkinji skripkasy auksionda tas 1,5 mln dollara satyldy

  • 11.10.2025 13:53
  • 2.7k+

Beýik Britaniýada Dominic Winter auksion öýünde geçirilen söwdada Albert Eýnşteýniň skripkasy satyldy. Aýdym-saz guralynyň bahasy tas 1,5 mln dollar boldy diýip, guramaçylara salgylanyp, Daily Mail habar berýär.

Skripka 1890-njy ýyllaryň ortalarynda Germaniýada peýda boldy. Eýnşteýn ony Şweýsariýa göçmezden ozal satyn aldy. 1930-njy ýyllarda, nasistleriň hökümetinden gaçyp, ol Germaniýadan ABŞ-a gitdi we öz gymmatly zatlaryny fizik Maks fon Laue berdi. Olaryň arasynda skripka, welosiped we filosofiýa boýunça kitap bardy.
20 ýyldan soň fon Laue bu zatlary Braunşweýgden Margareta Hommrihe sowgat etdi. Olar onuň maşgalasynda 70 ýyldan gowrak saklandy. Auksiona skripkany Hommrihiň ýuwlugy çykardy. Ilkibaşda skripka 270-400 müň dollar bilen bahalandyrylypdy.
Aýdym-saz Eýnşteýniň ömürlik hemrasy bolupdyr. Oňa skripka çalmagy ejesi Paulina öwretdi, alymyň özi bolsa, köplenç, dostlary üçin Mosartyň, Bahyň we Bethoweniň eserlerini ýerine ýetirerdi. Ol skripkalarynyň ählisi “Lina” diýip atlandyrýardy. Alym sazy ylmy oýlanmalarda ünsüni jemlemek üçin ulanýardy.
Geçen ýyl auksionda Eýnşteýniň ABŞ-nyň 32-nji Prezidenti Franklin Ruzwelte ýazan haty satyldy. Ol bu hatynda nasist Germaniýanyň ýadro bombasynyň üstünde işleýändigi barada habar beripdir. Hat üçin tas 4 mln dollar tölendi.


13.06.2026 12:25
3.8k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

02.06.2026 20:32
7.7k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

30.05.2026 11:30
4.7k+

Tirannozawryň skeleti Sotheby’s auksionynda 30 mln dollara satuwa çykarylar

Sotheby’s auksion öýi häzire çenli tapylan iň uly we doly derejeli tirannozawr skeletleriniň birini satuwa çykarar. Gas atly bu tapyndynyň bahasy 20–30 million dollar aralygynda bahalandyrylýar. Bu barada......

24.05.2026 16:26
6k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....