Türkmenistanyň DIM-nde Malaýziýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk barada

  • 11.10.2025 00:55
  • 2k+

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Baş syýasy sekretary Datuk Seri Şamsul Iskandar Mohd Akiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar birek-birege hormat goýmak we özara gyzyklanmalary nazarda tutmak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny geljekde işjeňleşdirmek babatda pikir alyşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek babatda pikir alyşdylar, munda maýa goýum ulgamy ileri tutulýan ugur hökmünde bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyň üstünlikli geçirilendigini bellediler. Nebitgaz ulgamyna, şol sanda Türkmenistanyň Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns çekildi.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......