Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli Strategiýasy tassyklanyldy

  • 09.10.2025 10:18
  • 3.1k+

Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow 8-nji oktýabrda Hökümet mejlisinde gol çekdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Seýidowanyň hasabat bermegine görä, Strategiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň medeni diplomatiýasyny ösdürmekden, milli medeni mirasymyzyň, ata-babalarymyzdan gözbaş alýan ajaýyp däp-dessurlarymyzyň halkara derejede ykrar edilmegini, millilige ýugrulan, kämillige gönükdirilen ýol-ýörelgelerimiziň mynasyp wagyz edilmegini, döwletleriň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Strategiýa halklary jebisleşdirmekde we dostlaşdyrmakda medeniýetiň täsirini artdyryp, medeni diplomatiýanyň ornuny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.
Resminama laýyklykda, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Strategiýada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......