Reuters: Mars 36 milliard dollara Pringles-iň öndürijisini satyn alýar

  • 09.10.2025 01:00
  • 7.3k+

Mars eýýäm Snickers, Milky Way, Twix, Bounty, M&M’s we Whiskas ýaly dünýäde tanalýan birnäçe brendleriň eýesi bolup durýar. Indi kompaniýa öz “gol astyna” Pringles-i hem almak kararyna geldi.

Amerikan kompaniýasy Pringles, Pop-Tarts we Kellogg’s brendlerine eýelik edýän Kellanova kompaniýasyny satyn almak üçin Ýewropa Bileleşiginiň rugsadyny alar. Söwda geleşiginiň bahasy 36 milliard dollar diýip, Reuters çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Bu soňky ýyllarda senagatdaky iň iri birleşmelerden biri hasaplanýar.
ABŞ-da bu geleşik öňünden kesgitlenen hiç hili şert goýulmazdan tassyklanyldy. Emma Ýewropa Komissiýasy ozal bu birleşmegiň bahalaryň ýokarlanmagyna we Mars-yň mazalylyk bazaryndaky täsiriniň artmagyna sebäp bolup biljekdigine alada bildiripdi. Häzirki wagtda bolsa düzgünleşdiriji edaralar kompaniýadan ýeňillik talap etmek üçin ýeterlik esas görmeýärler. Ýewropa Bileleşiginiň resmi karary 19-nji dekabra çenli çykmagyna garaşylýar.
NielsenIQ-nyň synçylarynyň bellemegine görä, geleşik tamamlanandan soň birleşen kompaniýa ABŞ-nyň süýji we  snek ( çipsi, kraker ýaly önümler)  bazarynyň takmynan 12%-ine eýelik eder.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......