Türkmen okuwçylary mental hasaplamak boýunça Dünýä çempionatynda ilkinji 10-luga girdiler

  • 08.10.2025 15:00
  • 10k+

Türkmenistandan 8 okuwçy Germaniýanyň Bielefeld şäherinde geçirilen Ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça Dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Çempionat 4-6-njy oktýabr aralygynda geçirildi.

Halkara ýaryşyň şertlerine laýyklykda, okuwçylar matematikanyň 23 temasyny öz içine alýan 30-a golaý sahypadan ybarat bolan soraglara 2 sagadyň dowamynda ýatdan dogry jogap bermek boýunça bäsleşdiler. Şeýle hem olara goşmaça 5 tema boýunça ýumuşlar tabşyryldy.
Çempionata Fransiýa, Çehiýa, Ýaponiýa, Hindistan, Meksika, Müsür, BAE, Günorta Afrika Respublikasy ýaly döwletleriň 20-sinden 100-den gowrak ýetginjek gatnaşdy. Türkmen okuwçylary “12 ýaşa çenli” hem-de “12-15 ýaş” toparlary boýunça gatnaşyp, ilkinji onluga girmegi başardylar.
Netijede,

  • Mekan Nurgeldiýew, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň Türkmenabatdaky şahamçasynyň diňleýjisi, 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda toparda 2000-den ýokary bal gazanyp, 4-nji orna mynasyp boldy.
  • Liwanur Berdiýewa, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi, 12-15 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 2000-den ýokary bal gazanyp, 6-njy orna mynasyp bolmagy başardy.
  • Patma Gündogdyýewa, Aşgabat şäheriniň takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi, çempionatyň “Iň ýaş gatnaşyjy” Kubogyna mynasyp boldy.

Ýatladyp geçsek, Liwanur Berdiýewa mental hasaplamak boýunça ukyplary bilen "kalkulýator-gyzjagaz" adyny alypdy. Geçen ýyl Liwanur "Russiýa" teleýaýlymynda "Täsin adamlar" gepleşiginde tiz hasaplamakda ukyplaryny görkezip, gepleşigiň gahrymany boldy.

“Bu ýaryşda 2000-den köp bal gazanmak, ýokary netije hasaplanýar. Bu günki gazanylan netije geljekki üstünliklere tarap möhüm ädim boldy” – diýip, “Kämil bilim” okuw merkezleriniň direktorynyň orunbasary Döwletmyrat Durdymämmedow gürrüň berdi.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......