Türkmenistanly "kalkulýator-gyzjagaz" Russiýanyň "Täsin adamlar" gepleşiginiň eminlerini haýran galdyrdy

  • 06.04.2024 13:32
  • 57k+

Türkmenistandan 13 ýaşly Liwanur Berdiýewa "Russiýa" teleýaýlymynda "Täsin adamlar" gepleşiginiň gahrymany boldy. Aşgabat şäheriniň 87-nji ýöriteleşdirilen mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy mental arifmetikada ajaýyp ukybyny görkezdi. 

Birinji synagda Liwanur 50 sekuntda 100 sany iki belgili sany goşdy (olar ekranda sekuntda iki san tizlik bilen peýda boldy), ikinjisinde 200 sany iki belgili sany goşdy (sekuntda 3 san tizlik bilen). Şol bir wagtyň özünde, bu sanlar harplar bilen utgaşdyryldy, olardan hem sitata emele getirmelidi. Liwanur ýumuşlaryň ikisinden hem üstünlikli baş çykardy.

"Men çagalykdan şu ýere gelmegi arzuw edipdim we meniň arzuwym hasyl boldy" diýip, Liwanur öz şatlygy bilen paýlaşdy.

Çykyşyň dowamynda ony zalda oturan ejesi goldady.

 

Liwanur eýýäm 2 ýyldan gowrak wagt bäri mental arifmetika bilen meşgullanýar. Onuň zehinine mugallymy Döwletmyrat Durdymämmedow - Türkmenistanda MEMORIAD Bütindünýä federasiýasynyň (World Talent Sports Federation) resmi wekili üns berdi. Ol oňa zehinini artdyrmaga ýardam etdi.

Bellenilişi ýaly, Liwanur Berdiýewa çalt hasaplamak boýunça Türkmenistanyň ilkinji milli rekordyny goýdy.

Okuwçy gyz geljekde Mental Calculation World Cup 2024 (Germaniýa) we MEMORIAD 2024 (BAE) halkara ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik etmegi maksat edinýär.


02.06.2026 19:33
6.1k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......