Türkmenistanyň Prezidenti orta mekdepleriň uçurymlaryny we mugallymlaryny «Soňky jaň» bilen gutlady

  • 25.05.2025 23:59
  • 12k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow​ Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryny, mugallymlaryny we ähli bilim işgärlerini «Soňky jaň» dabarasy bilen gutlady. 

"Siz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli beýik başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy» esasynda 12 ýyllyk okuw maksatnamalary boýunça bilim alan ilkinji uçurymlar bolup durýarsyňyz. Bu geçen döwrüň içinde milli bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Size okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary hem-de innowasion tehnologiýalar arkaly döwrebap bilim berildi. Siziň okan döwrüňizde halkara bilim bäsleşiklerinde gazanan uly üstünlikleriňiz Watanymyzyň abraýydyr, biziň alyp barýan bilim özgertmelerimiziň ajaýyp miweleridir" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Döwlet Baştutany Bitarap Watanymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap çagalar baglaryny, orta mekdepleri gurup, ýaş nesillerimiziň ýokary hilli bilim almagy we sagdyn ösmegi üçin oňaýly şertleri döretmek ugrundaky işleriň depgininiň has-da güýçlendiriljekdigini aýtdy. Şeýle hem mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli amatly mümkinçilikleri dörederip, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak barada yzygiderli alada ediljekdigini belledi.
Gutlagynyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow
 berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde hem-de okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.


düýn 18:58
1.3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.6k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.3k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......