Türkmenistanyň ilçisi Belarusdaky türkmen talyplary bilen duşuşdy

  • 25.05.2025 19:17
  • 6.6k+

21-nji maýda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň ilçisi N.Şagulýew bilen ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Çäräniň öňüsyrasynda ilçi N.Şagulýew bilen Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory, professor S.P.Rubnikowiçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar ylym-bilim pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen talyplary üçin okuw prosesiniň hiline, Belarus Respublikasyndaky ýaşaýyş şertlerine we iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmagyň geljegine aýratyn üns berildi.
Dabaraly çärä rektoratyň wekilleri, uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary hem-de Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar.
Duşuşygy gutlag sözleri bilen açmak bilen, Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary boýunça prorektory, professor W.W.Rudenok hem-de Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi N.Şagulyýew çykyş etdiler.
Ilçi N.Şagulýew talyplar bilen duşuşyk geçirip, onuň dowamynda Türkmenistanyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşup biljek ökde hünärmenleri taýýarlamakda aýratyn orun eýeleýän ýaş nesilde ýokary ahlak häsiýetleriniň, watançylyk duýgusynyň kemala gelmegine we şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine aýratyn ünsi çekdi.
Duşuşygyň barşynda tomaşaçylara Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan taýýarlanan tematiki wideoşekiller hödürlenildi.


01.06.2026 17:06
2.6k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
8.8k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......