Türkmenistanyň ähli mekdeplerinde «Soňky jaň» mynasybetli dabaralar geçirildi

  • 26.05.2025 22:36
  • 7.1k+

25-nji maýda Türkmenistanda 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy.

Ir bilen mekdepleriň göreldeli uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýewiň Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepdäki ýadygärligine gül desselerini goýdular. Şeýle hem welaýatlaryň baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralary boldy.
Soňra ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary bilen «Soňky jaň» dabaralary geçirildi.
Dabara gatnaşan uçurymlaryň ene-atalary, bilim işgärleri orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Uçurymlar hem bilim-terbiýe beren mugallymlaryna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Mekdep ýyllarynda dürli ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, döredijilik we çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, has tapawutlanan okuwçylara, bilim ulgamynyň işgärlerine hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
«Soňky jaň» dabarasy mynasybetli uçurymlar üçin Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine, muzeýlere, seýilgählere gezelençler guraldy. Agşam «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......