Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana bardy

  • 07.10.2025 16:48
  • 18k+

Şu gün, 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak üçin, iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherine geldi. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Gabala şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjanyň resmi adamlary we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň başlyklygynda geçiriljek sammite gurama agza we synçy ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary gatnaşarlar. «Sebitleýin parahatçylyk we howpsuzlyk» mowzugynda guraljak ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibine türki dünýäniň ýurtlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, umumy taryha, medeni-ruhy däplere daýanyp, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy, ykdysady ösüşi üpjün etmäge ýardam bermek bilen bagly meseleler girizildi. Sammitiň jemleri boýunça möhüm resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.
Gabala Azerbaýjanyň iň gadymy şäherleriniň biri bolup, taryhy-medeni, tebigy ýadygärlikleridir gözel ýerleri bilen köpleri özüne çekýär. 1991-nji ýyla çenli Kutkaşen adyny göteren bu şäher GDA-nyň medeni we ýaşlar paýtagty hökmünde ykrar edilendir.

Ýeri gelende bellesek, 2009-njy ýylda döredilen Türki geňeşiň işi parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy, özara gatnaşyklary giňeltmäge, gurama agza ýurtlaryň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir. 2021-nji ýylyň noýabrynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Stambulda geçirilen VIII sammitinde bu düzümiň ady «Türki Döwletleriň Guramasy» diýlip üýtgedildi. Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe Respublikasy we Özbegistan Respublikasy onuň agzalary bolup durýar. Wengriýa Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesine eýedir. 2021-nji ýylda bu dereje biziň ýurdumyza hem berildi.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......