OpenAI-iň ýolbaşçysy täze şertnamalary baglaşmak üçin dünýä syýahatyna ugrady

  • 07.10.2025 15:56
  • 2.9k+

OpenAI-iň baş direktory Sem Altman maýa goýumlary çekmek we kompaniýanyň taslamalaryny ösdürmek maksady bilen Günorta-Gündogar Aziýa we Ýakyn Gündogara syýahata ugrady.

The Wall Street Journal-yň maglumatlaryna görä, Altman garaşsyz EA infrastrukturasyny döretmek boýunça hyzmatlary öňe sürüp, enjamlary we komponentleri öndürmek üçin täze hyzmatdaşlary gözleýär. Sentýabryň ahyryndan bäri ol Taýwana, Günorta Koreýa we Ýaponiýa baryp, TSMC, Foxconn, Samsung we SK hynix kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Gepleşikleriň netijesinde Samsung we SK hynix ýat mikroshemalarynyň önümçiligini giňeltmäge razy boldy, Altman bolsa üpjün edijilerden OpenAI-iň sargytlaryna ilkinjileriň hatarynda seretmegi sorady.
Syýahatyň indiki tapgyry Ýakyn Gündogar bolup, Altman BAE-niň kompaniýalary we  sebitde OpenAI-iň maglumat merkezlerine hyzmat edýän G42-niň ýolbaşçylygy bilen maýa goýumlary ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär. Serişdeler dört ýylyň dowamynda ABŞ-da 500 mlrd dollarlyk EA infrastrukturasynyň – Stargate-iň gurluşygyna gönükdiriler.
2024-nji ýylyň başynda Altman kompaniýanyň taslamalaryna arap maýadarlaryny çekmäge synanyşypdy, ýöne ujypsyz girdeji sebäpli şübheler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Häzir OpenAI aýda 1 mlrd dollardan gowrak gazanýar, kompaniýanyň kapitalizasiýasy bolsa 500 mlrd dollara ýetdi, bu hem ony maýadarlar üçin has özüne çekiji edýär.
Nvidia hem OpenAI-e 100 mlrd dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär, ýöne ol öz hasaplaýyş tizleşdirijilerini kärendesine berýändigi üçin serişdeleriň köp bölegini yzyna alar. Bu beýleki maýadarlary-da kompaniýany goldamaga höweslendirip biler. 


31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
988

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......