Bir günde ýedi rekord goýuldy, ýagny iňlis bagbanlary adatdan daşary ullakan hasyly görkezdiler

  • 07.10.2025 16:13
  • 16k+

Her ýylyň sentýabr aýynda Beýik Britaniýanyň iň oňat gök önüm öndürijileri Malwerne (Wusterşir graflygy) Güýz sergisine ýygnanýarlar. Ol ýerde CANNA äpet gök önümleri öndürmegiň milli çempionatynda ýetişdiren hasyllaryny hödürleýärler. Bu ýylky bagbançylyk çäresi aýratyn üstünlikli boldy: bir günde ýedi dünýä rekordy goýuldy, bularyň hemmesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Gatnaşyjylar üçin bu ýeňil bolmadyk synag boldy, sebäbi gök önümleri ösdürip ýetişdirmek işiň entek diňe bir bölegi. Olary seresaplylyk bilen ýygnamaly we sergä eltmeli. Gabak ýa-da kädi ýaly ägirtleri daşamak diňe birnäçe adamy däl, käte ýük göteriji kranlaryň we lebýodkalaryň ulanylmagyny hem talap edýär. Ýüzlerçe kilometr ýol aşylýan wagtynda olara zyýan ýetse, önüm diskwalifikasiýa edilip bilner.
Eminler sergide eksponatlary üns bilen gözden geçirýärler, ölçeg lentalary bilen ölçeýärler we takyk terezilerde agramyny çekýärler. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili Adam Milluord CANNA UK-nyň baş emini Sebastian Suski bilen bilelikde ýedi sany täze rekordy bellige aldy:

iň uzyn turp - 7,848 m (ony ösdürip ýetişdiren bagban Jo Aterton iň uzyn gök önüm atlary toplumy üçin, eýýäm "uzyn turplaryň şasy" lakamyny aldy);

iň uzyn baklajan - 49 sm (bagbançylyk boýunça hünärmen Piter Gleýzbruk iň ýokary beýiklige – 8,006 metre dyrmaşýan ösümlikleriň rekordyny goýmaga dalaş edýär);

iň uzyn gabak - 1,454 m (Mark Beggs, iň agyr gabak titulyny alyp bilmedi);

iň uzyn süýji burç - 26,7 sm (ony üç adam bilelikde ösdürip ýetişdirdi - Kewin, Garet we Jeými Forti);

iň agyr seldereý – 8,01 kg (Kris Marriott birnäçe hepde öň başga bir äpet gök önümler sergisinde özüniň goýan 6,71 kg rekordyny täzeledi);

iň beýik lýuffa ösümligi - 11,672 m (ony bagban Grem Barratt ösdürip ýetişdirdi). Lýuffa kädiler maşgalasyna degişli, şeýle hem oňa kädi bilen gabak  hem girýär.

Rekord eýeleriniň hemmesi bu adaty bolmadyk ugurda onlarça atly we otuz ýyldan gowrak tejribesi bolan tejribeli bagbanlardyr.


düýn 10:46
2.9k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....