Saud Arabystany noýabrda Aziýa üçin nebitiň Arab Light görnüşiniň bahasyny üýtgetmeýär

  • 07.10.2025 13:33
  • 4.3k+

Saud Arabystany noýabrda Aziýa üçin nebitiň esasy görnüşi bolan Arab Light-yň bahasyny üýtgetmez diýip, Saudi Aramco döwlet kompaniýasy habar berdi.

Çig malyň bahasy öňküsi ýaly Oman/Dubaý sebedinden 2,2 dollar ýokary bolar.
Arab Extra Light üçin baha hem öňküligine galar – esasy bahadan barreline 2,5 dollar ýokary. Şol bir wagtyň özünde Arab Medium we Arab Heavy barreline 0,3 dollar arzanlar.
Şeýlelikde, noýabrda bahalar şeýle görnüşde bolar:

  • ·Arab Extra Light – Oman we Dubaý bahasyndan $2,5 ýokary;
  • ·Arab Light – $2,2 ýokary;
  • ·Arab Medium – $1,45 ýokary (oktýabrdaky 1,75 dollara garşy);
  • ·Arab Heavy – $0,10 ýokary (oktýabrdaky 0,40 dollara garşy).

02.06.2026 12:40
3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...