Hytaýda dünýäde iň uly ýüzýän ýel generatory ýygnaldy, onuň rotory ýedi futbol meýdançasyna deň

  • 07.10.2025 13:13
  • 7k+

Beýhaý portunda (Hytaýyň günortasyndaky Guansi Çžuan awtonom sebiti) 16 MWt kuwwaty bolan dünýäniň iň uly ýüzýän deňiz ýel generatoryny gurnamak işleri tamamlandy. Turbina “Üç jülge” bendi taslamasy bilen tanalýan China Three Gorges Corporation tarapyndan işlenip düzüldi.

Diametri 252 metr bolan turbinanyň rotory ululygy boýunça ýedi futbol meýdançasyna deňdir. Gurmana her ýylda takmynan 44,7 GWt·s elektrik energiýasyny öndürer diýlip garaşylýar, bu 4000 hojalygy tok bilen üpjün etmäge ýeterlikdir.
Turbina reduktorlaryndan başlap, urganlara we balast ulgamlaryna çenli tutuş ulgam Hytaýda öndürilýär. Bu ýurduň gaýtadan dikeldilýän energiýada tehnologiki garaşsyzlyga ygrarlydygyny görkezýär.
Turbina Hytaýyň ilkinji ýary suwa çümüp durýan dinamiki balast ulgamly platformasynda oturdyldy. Onuň üç sütüni ýel turan we tolkun bolan ýagdaýynda gurluşy durnukly saklamak üçin suwuň derejesini awtomatiki sazlaýar.
Gurluş ýakyn wagtda synagdan geçirmek we elektrik toruna birikdirmek üçin 50 metrden gowrak çuňluga çekiler.
Global Energy Monitor-yň maglumatlaryna görä, Hytaý 2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynda 4,4 GWt deňiz ýel gurluşlarynyň kuwwatyny artdyrdy, bu bolsa tutuş geçen ýylkydanam ýokarydyr. Ýurt 2060-njy ýyla çenli doly uglerod bitaraplygyny gazanmak boýunça ägirt uly maksadyna ýetmek ugrundaky ýolunda  ynamly hereket edýär.


16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

11.06.2026 22:18
7.7k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......