“Jon Uik” franşizasyna western žanrynyň elementleri bilen samuraý filmi goşular

  • 06.10.2025 17:47
  • 3.1k+

Lionsgate studiýasy “Jon Uik” franşizasynyň samuraý filmi bilen western žanrynyň elementlerini birleşdirjek täze spin-off-yny taýýarlaýar.

Ssenariniň üstünde o diýen belli bolmadyk ssenariçi Ostin Ewerett işleýär. Sýužet barada maglumatlar gizlin saklanýar.
“Jon-Uigiň” eýýäm bir taýýar spin-off-y bar: şu ýyl Ana de Armasyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde “Balerina” filmi çykdy. Onda Kianu Riwziň janlandyrmagynda Jon Uik hem peýda boldy. Häzir “Jon Uik 4-den” Donni Ýeniň gahrymany Keýn barada aýratyn film, şeýle-de Jonuň “ýerine ýetirip bolmajak ýumşy” barada anime-prikwel, “Jon Uik: Beýik stoluň aşagynda” serial-sikweli we “Jon Uik 5” işlenip taýýarlanýar.
Ewerette uly umyt bildirilýär. Onuň eýýäm birnäçe taslamasy bar. 2010-njy ýyllaryň ahyrynda ol Jozef Ekertiň çap edilmedik “Syýahatçy” romanyny uýgunlaşdyrdy – ssenariý 2021-nji ýylyň iň gowy durmuşa geçirilmedik taslamalarynyň “Gara sanawyna” girdi, onuň bilen Paramount gyzyklandy. Filmi ýola goýujy bolup Li Aýzek Çun çykyş eder.
Şeýle-de, Ewerett “Akiýa” horroryny ýazdy we ony özi düşürmek isleýär. Bu arwahly taşlanan öýi satyn alan asly ýaponiýaly gyz baradaky wakadyr.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....