“Ümsüm ýer-3” filminiň çykmagy 2027-nji ýylyň 30-njy iýulyna süýşürildi

  • 05.10.2025 12:39
  • 3.1k+

“Ümsüm ýer-3” horror filminiň relizi 2027-nji ýylyň 9-njy iýulyndan 30-njy iýulyna süýşürildi. Bu barada Deadline habar berýär.

Täze senede filmiň entek prokatda bäsdeşi ýok.
Jon Krasinki franşiza režissýor, ssenariçi we prodýuser hökmünde gaýdyp gelýär, ýöne sýužet we aktýorlar düzümi entek gizlin saklanýar.
Franşiza 2018-nji ýylda başlady. Krasinski birinji filmi we 2020-nji ýylda onuň dowamyny düşürdi, ikisinde-de baş keşbi Emili Blant ýerine ýetirdi.
Üçünji film barada 2025-nji ýylda çykarmak meýilnamasy bilen 2022-nji ýylda mälim edildi, ýöne munuň deregine Paramount studiýasy “Birinji gün” prikwelini çykardy. Film 2023-nji ýylyň iň meşhur filmleriniň biri boldy.
Täze filmiň ýene Ebbott maşgalasynyň wakasyny gürrüň bermegine garaşylýar. Prodýuser Bred Fuller “Ümsüm ýer-3-üň” üstünde Krasinskiniň başga taslamany tamamlan badyna işlenip başlanjakdygyny habar beripdi.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....