Gucci-niň eýesiniň paýnamalary Renault-yň öňki ýolbaşçysynyň gelmegi bilen 53% ýokarlandy

  • 05.10.2025 12:26
  • 3.7k+

Gucci, Balenciaga, Bottega Veneta we Yves Saint Laurent brendleriniň eýesi bolan Kering fransuz kompaniýasynyň paýnamalary 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde 53% ýokarlandy, bu hem kompaniýanyň taryhynda iň uly çärýek ösüşi boldy diýip, Bloomberg habar berýär.

Şeýle ösüş Kering-iň täze baş direktory – bu wezipede Fransua-Anri Pinony çalşan Renault-yň öňki ýolbaşçysy Luka de Meo baradaky habarlaryň esasynda bolup geçdi.
De Meo Renault-a bäş ýyl ýolbaşçylyk etdi, Nissan bilen strategiki bileleşigi döwrebaplaşdyrdy, gibrid we elektrik awtomobilleri ösdürip, pandemiýa we Russiýada biznesiň ýiten wagty kompaniýanyň kyn döwürlerini başdan geçirdi.
Analitikler de Meonyň eýýäm Gucci-de özgertmelere başlap, moda öýüniň täze ýolbaşçysyny belländigini we çykdajylary azaltmaga wada berendigini belleýär. Bilermenler onuň meýilnamalary üstünlikli bolan ýagdaýynda, Kering-iň paýnamalary ösmegini dowam etdirer diýip hasaplaýar.
Täze baş direktor bellenmezden öň kompaniýanyň paýnamalary yzygider birnäçe ýyl pese gaçdy, Gucci-niň girdejisi bolsa sekiz çärýek azaldy. 2023-nji ýylyň sentýabryndan bäri moda öýünde dört baş direktor we 2022-nji ýylda döredijilik müdiri Alessandro Mikele gidenden soň üç dizaýner çalşyldy.
Kering 1963-nji ýylda Fransua Pino tarapyndan esaslandyryldy we agaç taýýarlaýyş işinden başlady, 1999-njy ýyldan bolsa kaşaň harytlaryň bazaryna ünsi gönükdirdi. Häzir kompaniýanyň 42,3%-i Artémis holdingine, galan bölegi institusional we hususy maýadarlara, şeýle-de işgärlere degişli. 

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......