BAE syýahatçylar, IT hünärmenleri we çäre myhmanlary üçin täze wiza kategoriýalaryny girizdi

  • 05.10.2025 12:36
  • 5.4k+

Birleşen Arap Emirlikleriniň häkimiýeti täze wiza kategoriýalaryny girizdi we bar bolanlaryň şertlerini täzeledi. Bu barada Şahsyýet, raýatlyk, gümrük we port howpsuzlygy meseleleri boýunça federal edara salgylanyp, Gulf News habar berýär.

Emeli aň pudagyndaky hünärmenler indi bu ugurda işleýän guramadan ýa-da hemaýatkärden çakylyk bolan ýagdaýynda bir gezeklik ýa-da köp gezeklik wizalary resmileşdirip bilýär.
Täze “event visa” kategoriýasy daşary ýurtlulara festiwallara, konferensiýalara, sergilere we beýleki jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmaga mümkinçilik berýär.
Ýük ulaglarynyň eýeleri ýerli iş bilen üpjün ediji, lukmançylyk ätiýaçlandyryşy bolan ýagdaýynda, şeýle-de gümrük paçlary we beýleki maliýe kepillikleri tölenen ýagdaýynda degişli wizany alyp biler.
Iş mümkinçiliklerini öwrenmek üçin ýurda gelmek isleýän daşary ýurtly telekeçiler üçin daşary ýurtlarda işiniň bardygyna tassyklamanyň ýa-da “ýeterlik” kapitalyň bolmagy talap edilýär.
Myhman wizasyny almak üçin garyndaşlaryny ýa-da dostlaryny çagyrýan adamlar maliýe howandarlygyny bermeli – girdejiniň iň pes çägi garyndaşlygyň derejesine bagly we 4-den 15 müň dirhama (takmynan, 1080-4080 dollar) barabar.
Mundan başga-da, bosgunlar üçin uzaltmak mümkinçiligi bilen birýyllyk berilýän ynsanperwer ýaşaýyş ygtyýarnamasy peýda boldy. Düzedişler BAE-niň raýaty ýa-da ýurtda ýaşaýan daşary ýurtly bilen durmuş gurandygyna garamazdan, dullaryň we aýrylyşan aýallaryň hem ýaşaýyş ygtyýarnamasyny almak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.  
Şol bir wagtyň özünde köp ýurtlaryň raýatlaryna häzirem BAE-niň çäginde wizasyz 30 günden 90 güne çenli galmaga rugsat berilýär.


05.06.2026 21:38
5.6k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.2k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......