Ýaponiýada taryhda ilkinji gezek aýal hökümetiň başyna geçer

  • 04.10.2025 18:55
  • 9.8k+

Ýaponiýanyň dolandyryjy Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy wezipesine 64 ýaşly Sanae Takaiti saýlandy. Parlament tarapyndan onuň dalaşgärligi tassyklanandan soň, ol premýer-ministr bolar – ýurduň taryhynda ilkinji gezek bu wezipäni aýal eýelär diýip, The Japan Times ýazýar.

Saýlawlar iki tapgyrda geçdi, çünki birinjisinde hiç bir dalaşgär sesleriň aglabasyny ýygnap bilmedi. Takaiti 183 ses, oba hojalygy ministri Sindziro Koidzumi 164 ses aldy. Ikinji tapgyrda Takaiti 185 ses, Koidzumi 156 ses aldy.

Sanae Takaiti Kobe uniwersitetini we Masusita döwlet dolandyryş we menejment institutyny tamamlady. Ol 1987-nji ýylda grant bilen ABŞ-a göçdi we kongres agzasy Patrisiýa Şrederiň edarasynda işledi. 1989-njy ýylda Ýaponiýa gaýdyp geldi, 1993-nji ýylda bolsa ilkinji gezek parlamentiň aşaky palatasyna saýlandy.

Ol hökümete degişli bolmadyk “Nippon Kaýgi” konserwatiw we milletçilik guramasynyň agzasy we sintoizm mukaddesliklerini dikeltmek we ahlak terbiýesini ösdürmek boýunça parlament konferensiýasynyň başlygynyň orunbasarydyr.

Sanae Takaiti bu wezipede LDP üçin şowsuz gutaran iýul aýyndaky parlament saýlawlaryndan soň işden giden Sigeru Isibanyň ornuny çalşar.


düýn 15:08
1.8k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 15:17
3.6k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......