Täze “Supermen” filmine HBO Max-da 13 million gezek tomaşa edildi

  • 04.10.2025 15:52
  • 1.7k+

Variety neşiriniň habar bermegine görä, Jeýms Gannyň täze “Supermen” filmi HBO Max akym hyzmatynda oňyn netijeleri görkezýär. Çykarylandan bäri 10 günüň içinde oňa 13 million gezek tomaşa edildi, bu “Barbi” geçen ýyl akym hyzmatyna çykaly bäri iň gowy netije boldy.

Filmiň çykmagy franşizadaky öňki filmlere bolan gyzyklanmany hem artdyrdy. 15-nji sentýabrdan 21-nji sentýabr aralygynda “Supermen: Kristofer Rewiň başdan geçireni” (2024) dokumental filmine tomaşa edilişi 670%, 1978-nji ýylda çykan asyl  "Supermen" 155%, "Supermeniň gaýdyp gelmegi" (2006) 120%, "Polat adamy" (2013) filmleri 40% ýokarlandy.
Jeýms Gannyň filmi dünýäniň kinoteatrlarynda 600 million dollardan gowrak girdeji gazandy.


düýn 19:16
1.6k+

Paramount «Street Fighter» filminiň ilkinji treýlerini hödürledi

Paramount kompaniýasy «Street Fighter» (Köçe söweşijisi) filminiň täzeden işlenilen wersiýasynyň resmi treýlerini tanyşdyrdy. Filmiň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabryna meýilleşdirilýär....

düýn 14:38
597

Warner Bros.-yň paýdarlary Paramount bilen birleşmegi makulladylar

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Warner Bros. Discovery kompaniýasynyň paýdarlary Paramount kompaniýasynyň aktiwlerini satyn almak baradaky ylalaşygy köplük ses arkaly goldadylar....

düýn 10:37
1.3k+

Paramount «Top Gan 3» filminiň üstünde işleriň başlanandygyny resmi taýdan tassyklady

Paramount studiýasynyň kino bölüminiň ýolbaşçysy Joş Grinstin «Top Gan 3» filminiň önümçiligine badalga berlendigini resmi taýdan yglan etdi....

23.04.2026 21:04
1.9k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......