Spotify-yň esaslandyryjysy Daniel Ek kompaniýanyň baş direktory wezipesinden gider

  • 04.10.2025 15:10
  • 1.8k+

Spotify-nyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy, telekeçi Daniel Ek kompaniýanyň baş direktory wezipesinden gitmek kararyna gelendigini mälim etdi. Bu barada Forbes habar berýär.

Ek indi ýerine ýetiriji geňeş başlygy wezipesine geçer we kompaniýanyň uzak möhletli strategiýasyna hem-de esasy maýa goýumlaryna ünsi jemlär.

«Men 20 ýyl — bütin ömrümiň esasy bölegini diýen ýaly Spotify-nyň baş direktory hökmünde geçirdim. Indi men oýunçylykdan tälimçilige geçmäge taýýar» diýip, telekeçi aýtdy.

Häzirki wagtda Spotify-nyň prezidenti wezipesinde işleýän Alek Norstrýom we Gustaw Sederstrýom kompaniýanyň bilelikdäki baş direktorlary wezipesine belleniler. D.Ek soňky ýyllarda olary bu wezipä taýýarlapdy. Ýolbaşçylyk düzümindäki bu üýtgeşme 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer.
Spotify — 2006-njy ýylda Daniel Ek we Martin Lorenson tarapyndan döredilen striming görnüşli ses hyzmatydyr. Häzirki wagtda platformanyň 696 milliondan gowrak işjeň ulanyjysy bar. Kompaniýanyň 2024-nji ýyldaky girdejisi 18,36 milliard dollara deň boldy. Geçen ýylyň dowamynda Spotify-nyň aksiýalarynyň bahasy 100% ýokarlandy, onuň bazar bahasy bolsa 150 milliard dollardan geçdi. Forbes-iň maglumatlaryna görä, Daniel Egiň şahsy baýlygy 10,3 milliard dollar bilen bahalandyrylýar.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......